"Türkiýäni bölmäge çalyşýan terror guramasy PKK-ny gönükdirýänler bar"

Premýer ministr Binaly Ýyldyrym Türkiýäni bölmäge çalyşýan terror guramasy PKK-ny gönükdirýänleriň bardygyny aýtdy

515730
"Türkiýäni bölmäge çalyşýan terror guramasy PKK-ny gönükdirýänler bar"

Premýer ministr Ýyldyrym Agryda 18 desganyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Premýer ministr açylyş dabarasyndan soň agrylylar bilen agzaçarda duşuşdy.

Terror guramasy PKK-nyň daşary güýçler tarapyndan gönükdirilýändigini aýdan Ýyldyrym; “Ýolbaşçylary näme diýýan bolsa şony edýärler”diýdi.

Premýer ministr sebitiň halkynyň terrora garşy göreşde döwlete goldaw berýändigini nygtady.

Agrylylaryň terrora garşy alyp barýan tutanýerlili tutumy sebäpli öz minnetdarlygyny bildiren Premýer ministr “Siz terror guramasynyň çukur gazmagyna rugsat bermediňiz. Olar sizi böleris diýdi, siz bolsa bitewi Türkiýe diýdiňiz. Şonuň üçin hem size öz minnetdarlygymy bildirýärin” diýdi.

 



Degişli Habarlar