“Russiýa bilen gatnaşyklaryň iň gysga wagtda kadalaşmagyny umyt edýäris”

Wise-premýer Numan Kurtulmuş Russiýa bilen gatnaşyklaryň iň gysga wagtda kadalaşmagyny umyt edýändiklerini belledi

511225
“Russiýa bilen gatnaşyklaryň iň gysga wagtda kadalaşmagyny umyt edýäris”

Numan Kurtulmuş Premýer ministrlikdäki habarçylar bilen Ankara şäherindäki restoranlaryň birinde agzaçarda duşuşdy.

24-nji noýabrda ençeme gezek duýduryş almagyna garamazdan serhedi bozan we ondan soň atylyp ýere gaçyrylan rus harby uçar Türkiýe bilen Russiýanyň arasynda dartgynlyga sebäp bolandygyny nygtan Kurtulmuş dartgynlykdan soň iki ýurduň arasynda ýokary derejeli wekiliýetiň döredilendigini mälim etdi.

Prezident R.T. Erdoganyň we Premýer ministr Binaly Ýyldyrymyň 12-nji iýunda Russiýanyň Milli güni mynasybetli rus kärdeşlerine iberen hatyny ýatladan Numan Kurtulmuş: “Russiýa tarapyndan hem meňzeş hereketiň ediljekdigini umyt edýäris. Prezidentimiziň we Premýer ministrimiziň hatlarynyň gatnaşyklaryň kadalaşma etabynda wajyp hereket bolandygy pikir edýärin. Bu hereket şol bir wagtda Türkiýäniň gatnaşyklaryň kadalaşmagyny isläp eden hereketidir” diýdi.

Türkiýe tarapyndan edilen bu ädim Türkiýe bilen Russiýanyň ähli syýasy meselelerde ylalaşandyklaryny, sebitdäki ahli meselelri çözendiklerini aňlatmaýandygyny aýdan Wise-premýer Kurtulmuş: “Siriýa meselesi başda bolmak bilen ençeme meseledäki garaýyş tapawutlylyklarymyz dowam edip biler. Emma esasy zat iki goňşy ýurduň arasynda parahatçylygyň ýola goýulmagy” diýip belledi.

Türkiýäniň Russiýadan, Russiýanyň hem Türkiýeden ýüz öwürip bilmejekdigini aýdan Wise-premýer iki goňşy ýurduň arasynda ykdysady, syýasy, medeni gatnaşyklaryň dowam edýändigini habar berdi.



Degişli Habarlar