Türkiýe ÝB-bilen hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşdy

Türkiýe we ÝB terroryň maliýeleşdirilmeginiň we gatnaşyklarynyň ýok edilmegi baradaky “ýurdiki hyzmatdaşlygyň güýçlendirilmegi” hakynda ylalaşdy

507114
Türkiýe ÝB-bilen hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşdy

Taraplaryň arasynda Belgiýanyň paýtagty Brýusselde terror meselesi boýunça ýokary derejeli maslahat geçirildi.

Türk tarapy kärdeşlerine ekstremist terror guramasy PKK-nyň başda durmagynda PÝD, ÝPG, DHKP-J bilen PÝD-FETO garşy göreşde edilýän hyzmatdaşlygyň hasam ýaýbaňlandyrylmagyny tama edýändigini beýan etdi.

Maslahatda terroryň maliýe serişdeleriniň ýok edilmegi we gatnaşyklarynyň kesilmegi ýaly birnäçe ugurda ylalaşyldy. Strategik hyzmatdaşlar hökmünde howpsyzlyga we parahatçylyga abanýan howplara garşy bilelikde işleşmegiň ähmiýeti nygtaldy.

Terror guramasy DAEŞ-e garşymek we daşary ýurtlardan terrorçy akymynyň öňüni almak üçin çäre görmek barada-da karar kabul edilen maslahatda, iki tarapyň ýuridiki hyzmatdaşlygy we maglumat alyşygyny artdyrmak barada ylalaşyldy.



Degişli Habarlar