Hyýanatçylykly hüjüm bu gezek Mardin welaýatynda guraldy

Şehit bolan zenan polis gullukçysynyň biriniň 6 aýlyk göwreli bolandygy mälim edildi

506795
Hyýanatçylykly hüjüm bu gezek Mardin welaýatynda guraldy

 

Mardin welaýatynyň Midýat etrabynda Içeri işler müdürligine bomba ýüklenen ulag bilen guralan hüjümde ilkinji kesgitlemelere görä 2 zenan polis gullukçysy şehit boldy, 2 adam ýogaldy.

Şehit bolan zenan polis gullukçysynyň biriniň 6 aýlyk göwreli bolandygy mälim edildi.

Hüjümde 34 adam hem ýaralandy.

Hüjüm sebäpli polis gullukçylarynyň umumy ýaşaýyş jaýyna zeper ýetdi.

Hüjümden soň etraba goşmaça harby güýç ugradyldy.

Etrapda geçen aý PKK-ly terrorçylar tarapyndan guralan bombaly hüjümde hem 3 esger şehit bolupdy.

Prezident R. T. Erdogan hüjüm hakynda Içeri işler ministri Efkan Aladan maglumat aldy.

Mardiniň welaýat häkiminiň orunbasary Erkan Çapar bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçiren Prezident Erdogan wakalar bilen ýakyndan gyzyklandy.

Premýer ministr Binaly Ýyldyrym hem hüjümiň terror guramasy PKK tarapyndan guralandygyny aýtdy.

Düýn Stambulda polisiýa gullugynyň 6 işgäriniň we asuda ilatdan 5 adamyň ýogalmagyna sebäp bolan terrorçylykly hüjümde ýaralanan adamlaryň ýagdaýlaryny soramaga hassahana baran Premýer ministr Ýyldyrym ol ýerde beren beýanatynda terroryň döwleti we milleti dyza çökertmejekdigini belledi.

Binaly Ýyldyrym: “Milletim şuny bilsin: Türkiýe Respublikasy güýçlüdir, türk milleti bir we jebisdir. Hem şäherde hem-de oba ýerlerinde terroryň Türkiýäniň güntertibinden çykmagy üçin howpsyzlyk güýçleri we raýatlar bir bolup giýjäni gündiz diýmän göreşini dowam etdirjekdir” diýdi.



Degişli Habarlar