“Halkymyz karara uly gynanç bildirýär”

Türkiýe Ermenileriniň patriginiň Baş wekili Aram Ateşýan Prezident Erdogana hat ýazdy

506266
“Halkymyz karara uly gynanç bildirýär”

Türkiýe Ermenileriniň patriginiň Baş wekili Aram Ateşýan Germaniýanyň Federal mejlisiniň 1915-nji ýylda başdan geçirlen wakalar hakynda kabul eden karary barada Prezident R. T. Erdogana hat ýazdy.

Ateşýan hatynda Federal mejlisiň özüni kaziýet hökmünde görmeginiň kabul edilip bilinmejekdigini nygtap, “Halkymyz karara uly gynanç bildirýär” diýdi.

Germaniýanyň Federal mejlisiniň kabul eden kararyny tankyt eden Ateşýan, agyr günleri başdan geçiren türk we ermeni jemgyýetleriniň agtyklardygyny belledi.

Ateşýan hatynda iki gadymy goňşy halkyň, ýigrenç we duşmançylykly çykyşlar bilen biri-birinden çetleşdirilmeginiň we taryhyň syýasylaşdyrylmagynyň ýerine dostlyk we parahatçylyk üçin ýagalla edilmelidigine aýratyn ünsi çekdi.

 

 



Degişli Habarlar