1000 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Baş ştab aýralykçy terror guramasy PKK-a garşy guralan operasiýada 1000 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigini belledi

504987
1000 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Baş ştab tarapyndan berlen beýanatda aýralykçy terror guramasyna garşy guralan operasiýalaryň çäginde Mardin welaýatynyň Nusaýbin etrabynda 495 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigi, 515 barrikadanyň aýrylandygy we elde ýasalan 1256 partlaýjy maddanyň ýok edilendigi nygtaldy.

Beýanatda Şyrnakda guralan operasiýada hem 505 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigi, 238 barrikadanyň aýrylandygy, elde ýasalan 1566 partlaýjy maddanyň hem ýok edilendigi ýatladyldy.

 

 



Degişli Habarlar