“Türkiýe bir watan, bir millet, bir döwlet ýoly bilen dowam eder”

Premýer ministr Binaly Ýyldyrym Türkiýäniň bir watan, bir millet, bir döwlet ýoluna erjellik bilen dowam etjekdigini nygtady

504106
“Türkiýe bir watan, bir millet, bir döwlet ýoly bilen dowam eder”

Premýer ministr Erzinjanyň Respublikan meýdançasynda guralan köpçülikleýin açylyş dabara gatnaşdy.

Ýyldyrymyň gün tertibinde terrora garşy göreş, Germaniýanyň 1915 karary we täze konstitutsiýa bardy.

Premýer ministr Ýyldyrym: “Germaniýanyň parlamenti bir ýalana gol çekdi, şol ýalanyň gysga wagtda yzyna alynjakdygyny umyt edýäris. Köne depderleri açsak, ozalky belliklere seretsek şol depderlerde iň az belligi bolan Türkiýedigini her kim bilsin” diýdi.

Türkiýäniň täze bir konstitutsiýa zerurlygynyň bardygyny bellän Premýer ministr: “Täze konstitutsiýa bilen hem prezidentlik ulgamyny hem-de partiýaly prezidentlik ulgamyny getireliň. Mundan beýläk bu garjaşyklygy ortadan aýyralyň” diýdi.



Degişli Habarlar