DAEŞ-e degişli ýerler nyşana alyndy

Howa hüjüminde 14 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

501630
DAEŞ-e degişli ýerler nyşana alyndy

Siriýada terror guramasy DAEŞ-e degişli ýerler nyşana alyndy.

Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň berýän maglumatyna görä, terror guramasy DAEŞ-iň 31-nji maýda Türkiýä hüjüm guramaga taýarlanýandygy hakynda gelip gowşan habarlardan soň Halap şäheriniň demirgazygynda DAEŞ-e degişli ýerlere howa hüjümi guraldy.

Howa hüjüminde DAEŞ-e degişli 1 tank, karargäh we üç ulag hatardan çykaryldy.

Howa hüjüminde şeýle hem 14 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Türkiýäniň ýaragly güýçleri Yragyň demirgazygynda bolsa aýralykçy terror guramasy PKK-ny nyşana aldy.

Baş ştab tarapyndan berlen beýanata görä howa hüjüminde terror guramasyna degişli gaçybatalgalar ýer bilen ýegsan edildi.

 



Degişli Habarlar