Şemdinlide bir esger şehit boldy

PKK-nyň ýarag ammarlary nyşana alyndy we hatardan çykaryldy

500779
Şemdinlide bir esger  şehit boldy

Hakkari welaýatynyň Şemdinli etrabynda düýn gije guralan operasiýada ýaralanan esger bejergi alýan harby hassahanasynda şehit boldy.

Şemdinli etrabynda guralan howa hüjüminde bolsa aýralykçy terror guramasy PKK-nyň ýarag ammarlary nyşana alyndy we hatardan çykaryldy.

Beýleki tarapdan Şyrnakda sowutly ulag geçip barýarka terrorçylar tarapyndan goýlan partlaýjy maddasynyň ýarylmagy sebäpli 4 adam ýogaldy, 5-i polis gullukçysy 23 adam hem ýaralandy.

Silopi etrabynda düýn agşamara başdan geçirlen wakada ýogalanlaryň biriniň 4 ýaşyndaky çagadygy habar berildi.

Ýaralananlaryň arasynda hem 6 aýlyk bäbejigiň bardygy nygtaldy.

Hüjümi guran terrorçylaryň tussag edilmegi üçin giň gerimli operasiýa başladyldy.

 



Degişli Habarlar