Erdogan:“Russiýa bilen gatnaşyklaryň bozulmagyny Türkiýede islänok”

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan Russiýa bilen gatnaşyklaryň bozulmagyny Türkiýäniň hem islemeýändigini aýdyp: “Hormatly Putinden oňyn ädim geldide biz oňaýsyz jogap berdikmi?” diýip belledi

500459
Erdogan:“Russiýa bilen gatnaşyklaryň bozulmagyny Türkiýede islänok”

Prezident Erdogan Diýarbakyra guran saparyndan soň žurnalistleriň soraglaryna jogap berdi.

“Putin Afiny saparynda arany düzeltmek isleýäris, Ankaranyň ädimine garaşýarys diýýär, siz öz gezegiňizde näme diýersiňiz” diýilen soraga Erdogan: “Howa giňişligimiziň ýygy-ýygydan bozulýan wagtlary G20 maslahatynda Putin bilen ara alyp maslahatlaşan meselelerimiziň biri şol boldy. Hat-da deňizde gämilerimizi hem bimaza edipdirler. Hormatly Putin meň ýanymda Daşary işler ministri Sergeý Lawrowa öwrülip biz bu işi çözmeli diýip buýruk beripdi. Emma şeýlede bolsa maslahatdan birnäçe gün soň haýsy ýurda degişlidigi mälim bolmadyk uçar howa giňişligimizi bozmägy sebäpli biz hem halkara düzgünlere laýyklykda gerek bolan hereketi ýerine ýetirdik” diýdi.

Rus tarapynyň wakany uçarman hem öldürildi ýaly orta atmagynyň bolsa hakykata laýyk gelmeýändigini bellän Erdogan: “Uçarman aslyna garanyňda halas bolýar. Emma oppozisionerleriň eline geçýär. Öldürilen uçarmany gepleşikler geçirip biz aldyk. Diňe almak bilen hem çäklenmän ähli dini rituallary ýerine ýetirdik. Şol sebäpli Türkiýe hadysada öz üstüne düşeni ýerine ýetirdi” diýdi.

Wise-premýer Numan Kurtulmuş hem Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň Wladimir Putiniň Türkiýe bilen gatnaşyklaryny düzeltmek islemegi barada durup geçdi.

“Türkiýe Russiýadan, Russiýa hem Türkiýeden ýüz öwürip bilmez” diýen Kurtulmuş “Taraplaryň arasynda geçip bolmajak päsgelçilik, çözülmejek mesele ýokdur” diýdi.



Degişli Habarlar