Muglada ýene-de ençeme bosgun tussag edildi

Tussag edilen daşary ýurtlylar saglyk gözegçilginden geçirildi

499288
Muglada ýene-de ençeme bosgun tussag edildi

Mugla welaýatynyň Ýatagan etrabynda 48 bosgun tussag edildi.

Aýdyn-Ýatagan ýolunda gözegçilik işlerini ýerine ýetirýän polisiýa gullugynyň işgärleri gözegçilik nokadyndan öň 2 mikrowatobusyň durandygyny gördiler we ulaglary gözegçilik etdiler.

Sürüjiler tarapyndan terk edilen ulaglarda bikanun ýollar bilen Gresiýanyň Kos adasyna gitmek üçin ýola çykan Owganystanyň, Pakistanyň, Siriýanyň we Mýanmanyň raýatlary bolan bosgunlaryň bardygyny anykladylar.

Daşary ýurtlylar saglyk gözegçiliginden geçirilenden soň Mugla welaýatynyň Içeri işler müdürliginiň Daşary ýurtly raýatlar bölümine iberildi.



Degişli Habarlar