Erdogan liderleriň hormatyna agşam naharyny berdi

Myhmanlary Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bilen aýaly Hülýa Çawuşogly garşylady

496477
Erdogan  liderleriň hormatyna agşam naharyny berdi

Prezident R. T. Erdogan BMG-nyň Bütindünýä Ynsanperwer maslahatyna gatnaşýan liderleriň hormatyna agşam naharyny berdi.

Dolmabahçe köşgünde berlen naharda myhmanlary Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bilen aýaly Hülýa Çawuşogly garşylady.

Prezident Erdoganyň zala girmeginden soň Bütindünýä Ynsanperwer maslahatyna gatnaşýan ýurtlaryň liderleri ýadigärlik surat aldyrdy.

Maslahata gatnaşýan ýurtlaryň liderleriň ýadigarlik suratyň ýüzüne gol goýdylar.

Nahara BMG-nyň Baş sekretary Pabn Gi Mun, Azerbaýjanyň Prezidenti İlham Aliýew we Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbas bilen birlikde maslahata gatnaşýan ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlary gatnaşdy.

 



Degişli Habarlar