65-nji hökümet gurulýar

Binaly Ýyldyrym şu gün sagat 10.30-da ýaňandandan Prezident komplesinde Prezident Erdogan tarapyndan kabul ediler

496499
65-nji hökümet gurulýar

 

Prezident R. T. Erdoganyň Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy Binaly Ýyldyryma hökümet gurmak jogapkärçiligini bermeginden soň 65-nji hökümetiň gurulmagy üçin işe girişildi.

Prezident Erdohan Stambuldan Ankara gelenden soň düýn gije Binaly Ýyldyrymy Prezident kompleksinde kabul etdi.

Erdogan-Ýyldyrym duşuşygy sagat 01:25-de başlady we 2 sagat dowam etdi.

Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy Binaly Ýyldyrym şu gün sagat 10.30-da ýaňandandan Prezident komplesinde Prezident Erdogan tarapyndan kabul ediler.

Binaly Ýyldyrym tarapyndan hödürlenen Ministrler kabinetiniň täze sanawynyň Prezident Erdogan tarapyndan kabul edilmeginden soň 65-nji hökümet gurlar.

 

 



Degişli Habarlar