Erdogan BMG-ni tankyt etdi

Prezident Erdogan Howpsyzlyk Geňeşiniň erjel, ýokary depginli, aç-açan we hasabata açyklyk ýörelgesine laýyk işlemelidigini aýtdy

496233
Erdogan BMG-ni tankyt etdi

Erdogan: “Biz her pursatda bu meselä ünsleri çekýäris we “Dünýä 5-den uly” diýýäris. Bütin adamzadyň ykbalyny 5 ýurduň  syýasy bähbitleri bilen çäklendirmek ne aň-düşünjä, ne wyždana ne-de adalata sygar” diýdi.

Prezident Erdogan Stambulda geçirilýän BMG-niň Bütindünýä Ynsanperwer maslahatynyň “Çaknyşyklaryň öňüni almak we ony ortadan aýyrmak üçin syýasy liderlik” temaly 1-nji Ýokary derejeli mejlisde çykyş etdi.

BMG-niň mundan 70 ýyl ozal döredilmegindäki esasy maksadyň adamzady ölüme, pajyga we yzagalaklyga mejbur eden çaknyşyklaryň öňüniň alynmagy bolandygyny nygtan Erdogan: “Emma 70 ýyllyk taryhyna seredlende BMG-niň esasy başarnyksyzlygyny şu ugurda başdan geçirýändigini görýäris. Bu taýda ählimiziň, esasanda BMG-niň Howpsyzlyk Geňeşiniň jogapkärçiligi bar. 6 ýyldan bäri dowam edýän Siriýa meselesinde ony aç-açan gördük, başdan geçirdik. Weto hukugyndan wagtal-wagtal biperwaýlyk bilen peýdalanyp, gynansagam çykgynsyzlyklara we çaknyşyklara çäre görülmegini bökdeýär. Bu meselede her bir adam elini wyždanyna goýup pikirlenmeli, degişli çäreler görülmeli” diýdi.

Erdogan Bütindünýä Ynsanperwer Maslahatynyň açylyş dabarasynda-da çykyş etdi.

Prezident Erdogan maslahatda sözlän sözünde gam-gussanyň reňkiniň, diliniň, dininiň bolmaýandygyna gowy düşünýän Türkiýäniň siriýaly we yrakly 3 milliondan gowrak bosguny myhman alandygyny ýatlatdy.

Erdogan: “Buýsanç bilen nygtasym gelýär, bu bosgunlyk, sygynma işi dowam eden halatynda-da bombardymandan gaçan, uly howplara sezewar bolan siriýaly, yrakly kim bolsa bolsun gapymyz elmydama adamlara, adamkärçilige açyk bolar” diýdi.

Stambulyň Maslahatlar Merkeziniň Harbiýe zalynda geçirilen dabara BMG-niň baş Sekretary Pan Gi Mun bilen birlikde 60-a golaý ýurduň döwlet we hökümet ýolbaşçylary, ministrler, döwlet wekiliýetleri gatnaşýar.

Amerikaly aktýor Forest Witakeriň alyp barmagynda bolan açylyş dabarasynda dünýädäki gumanitar pajygalar barada wideo şekiller görkezildi.

İr-ertir geçirilen liderler mejlisinde-de Erdogan we Pan Gi Mun gysgaça çykyş etdiler.

Resmi naharly mejlise 60-a golaý döwlet we hökümet ýolbaşçysy bilen wekiller gatnaşdylar.

Gatnaşylar soň bolsa ýadygärlik surat aldyrdylar.

Maslahatda globa liderleriň “Adamzadyň gün tertibi” resminamasyny has-da giňeltmek üçin garaýyşlaryny beýan etjek mejlisleri geçiriler, dünýäniň gumanitar pajygalaryň çäginde duçar bolýan kynçylyklary barada liderleriň güýçli wadalar berip biljek telegek stol mejlisleri guralar.

BMG-niň Bütindünýä Ynsanperwer Maslahatynda 7 sany telegelek stol mejlisi, 15 sany ýörite mejlis we 120-ä golaý çäreler geçiriler.

Ynsanperwer kömek strategiýalary we adatdan daşary ýagdaýlara garşy netijeli syýasatlaryň kesgitlenmegini nazarda tutýan maslahatda Türkiýe gatnaşyjy ýurtlar bilen adatdan daşary we ynsanperwer kömek boýunça tejribe alyşar.

 



Degişli Habarlar