El degrilmesizlik gepleşiklerinde ses berilşigiň ilkinji etaby tamamlandy

Teklibiň referendum geçirilmeden kabul edilmegi üçin 367 deputatyň ses bermegi gerek

493369
El degrilmesizlik gepleşiklerinde ses berilşigiň ilkinji etaby tamamlandy

Türkiýäniň Beýik Millet mejlisinde deputatlaryň el degrilmesizligi bilen baglanşykly konstitutsiýa üýtgetme girizmek teklibiniň ilkinji etaby tamam boldy. 

Deputatlaryň el degrilmesizligi bilen baglanşykly konstitutsiýa üýtgetme girizmeklik teklibiniň 1 maddasy 350 ses bilen, 2-nji maddasy bolsa 357 ses bilen kabul edildi. 

Şu hepdäniň anna güni geçiriljek ses berilşigiň 2-nji etabyndan hem meňjeş netije alynan halatynda el degrilmesizlik üçin referendum geçiriler.

Teklibiň referendum geçirilmeden kabul edilmegi üçin 367 deputatyň ses bermegi gerek.



Degişli Habarlar