"Şol bir güýçler DAEŞ-e we PKK-a maddy taýdan goldaw berýär"

Wise-premýer Numan Kurtulmuş Stambulda geçirlen Ordu Altynordulylar duşuşygyna gatnaşdy

491476
"Şol bir güýçler DAEŞ-e we PKK-a maddy taýdan goldaw berýär"

Numan Kurtulmuş terror guramasy DAEŞ-e we PKK-a maddy taýdan goldaw berýänleriň şol bir güýçlerdigine ünsi çekdi.

Wise-premýer Numan Kurtulmuş Stambulda geçirlen Ordu Altynordulylar duşuşygyna gatnaşdy.

Duşuşykda sözlän sözünde jebislige we bitewilige ünsi çeken Numan Kurtulmuş, terrorçylykly hüjüm guraýanlaryň aslynda Türkiýäniň harby güýjüne göz ýetirip bilýändikleri üçin halky bölmäge synanşýandyklaryny aýtdy.

Terror guramasy DAEŞ-e we PKK-a maddy taýdan goldaw berýänleriň şol bir güýçlerdigini nygtan Wise-premýer Kurtulmuş, “Olar ýaraglaryny nireden alýar? Olara logistiki, ykdysady we syýasy taýdan kimler goldaw berýär? pikirlenip göreliň”diýdi.

Numan Kurtulmuş DAEŞ-iň we PKK-nyň oýunyna doly göz ýetirip bilýändiklerini aýratyn belledi.

 

 

 



Degişli Habarlar