Kyzylaýdaky hüjüm bilen baglanşykly tussag edilenleriň sany artýar

Ankaranyň merkezi Kyzylaýda 13-nji martda awtobus duralgasynyň golaýynda bomba ýüklenen ulag bilen guralan terrorçylykly hüjüm bilen baglanşykly geçirilýän derňew işiniň çaginde tussag edilenleriň sany 8-e ýetdi

491322
Kyzylaýdaky hüjüm bilen baglanşykly tussag edilenleriň sany artýar

Kyzylaý Güwenparkdaky bombaly hüjüm bilen baglanşykly derňew işini alyp barýan prokurorlar Ankara, Stambul we Kars welaýatlarynda göz tussaglygyna alynan 4 adamyň 3-ni tussag etmek talaby bilen nobatçy jenaýat kazyýetine ugratdy.

Prokurorlar göz tussaglygyna alynan iki adamy “Döwletiň birligini we ýurdyň bütewiligini bozmak”, “Adam öldürmek” we “Adam öldürmäge synanyşmak”, birini bolsa “Döwletiň birligini we ýurdyň bütewiligini bozmak” sebäpli tussag edilmegini talap etdi. Kazyýet aýyplanýanlaryň üçüsini tussag etdi.



Degişli Habarlar