DAEŞ-e agza 68 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Siriýada terror guramasy DAEŞ hüjüm guramak üçin taýarlyk görýän wagty guramanyň 68 agzasy täsirsiz ýagdaýa getirildi

491823
DAEŞ-e agza 68 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türkiýäniň Ýaragly güýçleri gaubisalar we köp nilli roketalar bilen gury ýerden, hyzmatdaş güýçleri bolsa howadan DAEŞ-i nyşana aldy.

Ozaldan bellenen ýerler dolulygyna ýok edildi.

Gurama degişli goranyş we ýarag liniýalary hatardan çykaryldy.

Oppozisionerler terror guramasynyň gözegçiligi astynda bolan Faýdiýuah, Şyh Rih we Tel Hyşn sebitlerini basyp aldylar.

Türkiýäniň öz içinde-de DAEŞ-e garşy operasiýalar guraldy.

Elazyg welaýatynda 6 aýry öýde operasiýa geçirildi.

Aralarynda guramanyň Elazyg welaýatynyň jogapkäri we jellady bolan 7 adam göz tussaglygyna alyndy.

Gaziantep welaýatynda bolsa Siriýadan Türkiýä bikanun geçen DAEŞ-e agza 5 terrorçy tussag edildi.

Aýralykçy terror guramasy PKK-a garşy geçirilýän operasiýalarda hem 22 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Türkiýäniň Ýaragly güýçleri tarapyndan Şyrnakda 5, Mardinde 1, Hakkari welaýatynyň Ýüksekowa etrabynda howadan dik uçarlaryň we uçarlaryň goldaw bermeginde geçirilen operasiýada bolsa 16 terrorçy öldürildi.



Degişli Habarlar