Düýn Prezident Erdoganyň maşgalasynda şatlykly gün boldy

Düýn agşam Prezident R.T. Erdoganyň gyzy Sümeýýe Erdoganyň we Selçuk Baýraktaryň toýy boldy

490966
Düýn Prezident Erdoganyň maşgalasynda şatlykly gün boldy

Stambulda geçirilen toýa ýurduň öz içinden we daşary ýurtlardan 6 müň adam gatnaşdy.

Ýaşlaryň nika şaýatlygyny TBMM-niň başlygy Ismail Kahraman, Premýer ministr Ahmet Dawutogly, Türkiýe Respublikasynyň 11-nji Prezidenti Abdullah Gül, Baş ştabyň başlygy goşun generaly Hulusi Akar, Bosniýa-Gersogowinanyň Prezidium geňeşiniň başlygy Bekir İzzetbegowiç, Pakistanyň Premýer ministri Nawaz Şerif, Albaniýanyň Premýer ministri Edi Rama we Liwanyň ozalky Premýer ministri Saad Hariridagylar etdiler.

Prezident Erdogan nikadan soň gysgaça çykyş etdi. Erdogan: “Sümeýýä çagaka jerenim diýerdim. Gözümiň nury diýerdim. Indi bir jeren ýaly öýünden gidýär” diýdi.



Degişli Habarlar