PKK-a garşy guralýan operasiýalar dowam edýär

Waka bilen baglanşykly derňew işi gozgaldy

489862
PKK-a garşy guralýan operasiýalar dowam edýär

Diýarbakyryň Sur etrabynda aýralykçy terror guramasy PKK-a agza terrorçylar tarapyndan bir ulaga partlaýjy maddalar ýüklenýärkä bolan partlamada 4 adam ýogaldy.

Wakada 2-si agyr 22 adam hem ýaralandy.

Partlama sebäpli ulaglara we töwerekdäki öýlere zeper ýetirildi.

Waka bilen baglanşykly derňew işi gozgaldy.

Stambulyň Sanjakdepe etrabynda bolsa düýn agşamara harby hünärmenleri alyp barýan serwis ulagy geçip barýarka bomba ýüklenen ulag bilen guralan hüjümde 5-i esger 8 adam ýaralandy.

Bomba ýüklenen ulagyň serwis ulagy geçip barýarka uzakdan gönükdirilýän ulgam arkaly ýarylandygy nygtaldy.

Beýleki tarapdan Mardin welaýatynyň Nusaýbin etrabynda terror guramasy PKK-a garşy guralan operasiýada harby uçarlaryň ulanylandygy hakyndaky garaýyşlaryň nädogrydygy nygtaldy.

 



Degişli Habarlar