Erdogan ÝB-niň PKK meselesinde alyp barýan tutumyna garşylyk görkezdi

Prezident Erdogan Ankaranyň Söwda palatasynda geçirlen “Türkiýäniň syýasy taryhynda ýerli we milli ygtyýar” temaly maslahata gatnaşdy

489510
Erdogan ÝB-niň PKK meselesinde alyp barýan tutumyna garşylyk görkezdi

 

Prezident R. T. Erdogan ÝB-niň terror guramasy PKK meselesinde alyp barýan tutumyna garşylyk görkezdi.

Prezident Erdogan “ÝB Türkiýäniň döwletiniň ýerine terror guramasy PKK-a bilen işleşmegi kabul edýän bolsa biziň üçin hiç hili kynçylyk ýok. Çünki biz terror guramasyna haýsy göz bilen seredýän bolsa olaryň tezislerine goldaw berýänlere hem şol göz bilen seredýäris” diýdi.

Prezident Erdogan Ankaranyň Söwda palatasynda geçirlen “Türkiýäniň syýasy taryhynda ýerli we milli ygtyýar” temaly maslahata gatnaşdy.

Erdogan maslahatda eden çykyşynda ÝB-niň terrora garşy göreşde alyp barýan tutumyny tankyt edip, “Kilise we Halaba ähmiýet bermeýänlere biz hem ähmiýet bermeris. Esasan hem ÝB-niň organlarynyň we käbir ýurtlaryň terror meselesinde alyp barýan tutumlaryny kabul etmegimiz mümkin däl” diýip belledi.

Prezident Erdogan çykyşynda Bangladeşde Yslam jemagatynyň lideri Motiur Rahman Nizaminiň asylyp öldürilmegi barada hem durup geçdi.

Nizama şeýle jezanyň berilmeginiň dogry däldigine ynanýandygyny aýdan Prezident Erdogan, ÝB-niň şol jeza meselesinde hem dymýandygy üçin “Hani siz ölüm jezasyna garşy durýardyňyz”diýdi

 



Degişli Habarlar