Terrora garşy göreş güýçli depginde dowam edýär

Nusaýbinde 354, Şyrnakda bolsa 323 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

487178
Terrora garşy göreş güýçli depginde dowam edýär

 

Aýralykçy terror guramasy PKK-a garşy Mardin welaýatynyň Nusaýbin etrabynda dowam edýän operasiýada 7, Şyrnak welaýatynda bolsa 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Şeýlelikde operasiýalaryň çäginde täsirsiz ýagdaýa getirlen terrorçylaryň sany Nusaýbinde 354-e, Şyrnakda bolsa 323-e ýetdi.

Operasiýalaryň çäginde köp sanly ok-däri hem ele geçirildi.

Beýleki tarapdan Kilisiň Elbeýli etrapçasynda Türkiýeden bikanun ýollardan Siriýa geçmäge synanşan terror guramasy DAEŞ-i agza 1 adam göz tussaglygyna alyndy.

 



Degişli Habarlar