Ýüksekowada onlarça öýüň we iş ýeriniň PKK-ly terrorçylar tarapyndan talanandygy anyklandy

Operasiýalarda 200 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

486052
Ýüksekowada onlarça öýüň we iş ýeriniň PKK-ly terrorçylar tarapyndan talanandygy anyklandy

Hakkariniň Ýüksekowa etrabynda guralan operasiýalaryň tamamlanmagyndan soň onlarça öýüň we iş ýeriniň PKK-ly terrorçylar tarapyndan talanandygy anyklandy.

Etrapda 13-nji martda köçä çykmak gadagançylygynyň yglan edilmegi bilen başlan we 17 gün dowam eden operasiýalaryň çäginde gözleg we halas ediş işleri dowam edýär.

Howpsyzlyk güýçleri tarapyndan guralan operasiýalarda 200 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Operasiýalardan soň geçirlen barlag işlerinde aýralykçy terror guramasy PKK-nyň etrabyň halkyna uly zeper ýetirendigi anyklandy.

Howpsyzlyk güýçleri aýnalary, gapylary döwlen we diwarlary ýykylan birnäçe iş ýeriniň bardygyny anyklady.

Özlerine goldaw bermändigi üçin “dönük we içaly” hökmünde atlandyran etrabyň halkyny nyşana alan terrorçylaryň iş ýerlerini we öýleri talandygy bellige alyndy.

Beýleki tarapdan terror guramasy PKK-a garşy Mardin welaýatynyň Nusaýbin etrabynda terrorçylaryň etraby terk edip Siriýa gaçmak üçin tunel gazandyklary anyklandy.

Yragyň demirgazygyndaky Kandil dagynda PKK-nyň liderleriniň operasiýalar sebäpli çykgynsyz ýagdaýa düşen terrorçylara ýaşaýan ýerlerini terk etmekleri hakynda görkezme berendigi nygtalýar.

 



Degişli Habarlar