Terror guramasy Kilis welaýatyna ýene-de iki roketa atdy

Wakada ýogalan ýa-da ýaralanan adam ýok

485627
Terror guramasy Kilis welaýatyna ýene-de iki roketa atdy

Terror guramasy DAEŞ Siriýada gözegçliligi astyndaky sebitden Türkiýäniň Kilis şäheriniň merkezine ýene-de 2 roketa atdy.

Roketalaryň biri boş meýdana düşen bolsa, beýlekisi 2 gatly binanyň üstüne düşdi.

Wakanyň bolan wagty öýde hiç kim ýokdy.

Hüjümlere serhetde ýerleşdirilen gaubisalar we köp maksatly roketalar bilen göni garşylyk görkezildi. Hüjümleriň netijesinde terror guramasyna degişli 2 ýarag we 7 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.


Etiketkalar: #Kilis , #DAEŞ , #waka , #serhet , #gaubisa

Degişli Habarlar