Erdogan ÝB-nin talaplaryna berk reaksiýa bildirdi

Prezident R.T.Erdogan ÝB-den gelen “terrorçylyga garşy göreş kanunyna üýtgetme gizilmegi” baradaky talabyna garşylyk görkezdi

485674
Erdogan ÝB-nin talaplaryna berk reaksiýa bildirdi

Erdogan: “Wiza düzgünini bes etcek, onuň şerti şuny üýtgetmegiň…” Gaty görme, biz ýolumyza gidýäris, senem ýoluňa git” diýdi.

Erdogan Stambulda Eýüp etrap häkimligi tarapyndan guralan açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Dabarada çykyş eden Erdogan Türkiýäniň çar tarapynda terror guramalarynyň, olara goldaw berýän güýçleriň hücümine sezewardygyny belläp, ÝB-nin şeýle döwürde türk raýatlaryna wiza erkinliginiň öwezinde terrorçylyga garşy göreş kanunyna üýtgetme girizmegini islemegini berk tankyt etdi.

“Siz Ýewropa Parlamentinin ýanynda çadyr guran terrorçylara ýol beren şol düşüncäňizi näme sebäpde üýtgedeňizok?” diýip soran Erdogan, ÝB-ne ýüzlenip: “Göreliň bakaly. Kimiň bilen düşünişip bilýän bolsaň şolar bilen ylalaş” diýdi.

 



Degişli Habarlar