“Türkiýä we raýatlaryna garşy guralan hüjümiň ählisiniň jogaby berilýär we beriler”

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan Türkiýäniň topraklaryna we raýatlaryna garşy guralan hüjümleriň ählisiniň jogabynyň berilendigini we beriljekdigini nygtady

484214
“Türkiýä we raýatlaryna garşy guralan hüjümiň ählisiniň jogaby berilýär we beriler”

Erdogan Prezident kompleksinde guralan 25-nji Arçynlar maslahatynda çykyş etdi.

Erdogan eden çykyşynda terror guramasy DAEŞ-iň Siriýadaky ýerlerinden Kilise roketalar bilen hüjüm guramagyny berk ýazgardy we gurama garşy soňky günlerde geçirilen operasiýalary ýatlatdy.

Erdogan: “DAEŞ Kilise guran hüjümleriniň jogabyny geçirilen operasiýalar arkaly berdi we hüjümlerini dowam etdiren halatynda has hem köp zyýan çeker. Biz terror guramalarynyň ýurdumyza garşy guraýan hüjümleriniň arakasyndaky niýetleri bilýäris. Şondan arkaýyn boluň, başaryp bilmezler” diýdi.

Prezident Erdogan TBMM-de deputatlaryň el degrilmesizligi bilen baglanşykly konstitutsiýa üýtgeşme girizmek baradaky teklip barada hem durup geçdi.


Etiketkalar: #Erdogan , #arçynlar , #maslahat

Degişli Habarlar