Bursada guralan terrorçylykly hüjüm terror guramasy PKK bilen arabaglanşykly...

PKK-ly zenan terrorçynyň şahsyýetiniň anyklanmagy baradaky işler dowam edýär

482335
Bursada guralan terrorçylykly hüjüm terror guramasy PKK bilen arabaglanşykly...

Bursada çarşenbe güni guralan terrorçylykly hüjümiň aýralykçy terror guramasy PKK bilen arabaglanşydygy nygtalýar.

Taryhy uly metjidiň golaýynda bedenindäki bombalary ýaran we 13 adamyň ýaralanmagyna sebäp bolan PKK-ly zenan terrorçynyň şahsyýetiniň anyklanmagy baradaky işler dowam edýär.

Howpsyzlyk güýçleri partlamyň bolan ýerinde  ýüzünde “Soltan hanym” diýlip ýazylan awtobus bileti tapdy we şol biletiň nomerinden terrorça partlaýjy maddalaryny berenleri we onuň Bursa gelmegine kömek edenleri anyklady.

Guralan operasiýada waka bilen arabaglanşykly 6 adam tussag edildi.

Terrorçynyň 25-nji aprelde Uly metjidiň golaýynda ýanynda bir adam bilen barlag geçirendigi anyklandy.

Bombada ulanylan sumkany hem şol gün Kapalyçarşydan satyn alandygy anyklandy.

Terrorçynyň uly metjidiň golaýynda iki polis gullukçysyny görenden 7 sekunt soň bombany ýaralandy ýüze çykdy.



Degişli Habarlar