Mardin we Şyrnak welaýatlarynda 11 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Terrorçylaryň täsirsiz ýagdaýa getirilmegi üçin başladylan giň gerimli operasiýa dowam edýär

482604
Mardin we Şyrnak welaýatlarynda 11 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Diýarbakyryň Dijle etrabynda aýralykçy terror guramasy PKK-a agza terrorçylar tarapyndan Žandarm güýçlerine guralan hüjümde 1 esger şehit boldy, 26 adam ýaralandy.

Ýaralananlar dik uçarlar bilen Diýarbakyrdaky harby hassahana alnyp gidildi.

Harby hassahanada bejergi alýan ýaralananlardan 3-niň ýagdaýy agyr.

Polis gullukçylaryny Hani etrabyndan Dijle etrabyna alyp barýan sowutly ulag geçip barýarka terrorçylar tarapyndan goýlan partlaýjy maddalar ýaryldy.

Partlamada 3 polis gullukçysy ýaralandy.

Etrapda terrorçylaryň täsirsiz ýagdaýa getirilmegi üçin başladylan giň gerimli operasiýa dowam edýär.

Türkiýäniň ýaragly güýçleriniň Mardin we Şyrnak welaýatlarynda guran operasiýalarynda 11 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Baş ştab Mardin welaýatynyň Nusaýbin etrabynda 4, Şyrnak welaýatynda hem 7 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigini mälim etdi.

Diýarbakyryň Lije we Hakkariniň Ýüksekowa etraplarynda terrorçylar tarapyndan goýlan partlaýjy maddalar ýok edildi.

Ýüksekowada we Bursanyň İnegöl etraplarynda aýralykçy terror guramasy PKK-a agza 2 terrorçy tussag edildi.

Gaziantebiň Oguzeli etrabynda hem serhetden Türkiýä geçmäge synanşan terror guramasy DEAŞ-a agza 2 adam tussag edildi.

Beýleki tarapdan Gaziantebiň içeri işler müdürligine düýn irden bomba ýüklenen ulag bilen guralan 2 polis gullukçysynyň şehit bolmagyna we 18-i polis 22 adamyň ýaralanmagyna sebäp bolan hüjümden soň guralan operasiýada köp sanly adam göz tussaglygyna alyndy.

 

 



Degişli Habarlar