Şyrnakda bir esger şehit boldy

Serdal Uýanygyň jynazasy ýaşaýan ýeri bolan Çankyry welaýatyna ugradyldy

480563
Şyrnakda bir esger şehit boldy

Operasiýalaryň dowam edýän ýerleriniň biri bolan Şyrnakda düýn aýralykçy terror guramasy PKK-a agza terrorçylaryň od açmagy netijesinde ýaralanan žandarma güýçlerinden Serdal Uýanyk sowutly ulag bilen Şyrnagyň döwlet hassahanasyna alynyp gidildi.

Hassahanada edilen ähli tagallalara garamazdan Uýanyk halas edilip bilinmedi we şehit boldy.

Serdal Uýanygyň jynazasy ýaşaýan ýeri bolan Çankyry welaýatyna ugradyldy.

Şyrnagyň şäher merkezinde terrorçylaryň täsirsiz ýagdaýa getirilmegi, gazylan çukurlaryň gömülmegi, goýulan barrikadalaryň aýrylmagy we goýylan partlaýjy maddalaryň ýok edilmegi üçin 14-nji martda başladylan operasiýa giň-gerimli dowam edýär.

Mardiniň Nusaýbin etrabynda PKK-ly terrorçylara garşy operasiýada 308 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi, 206 barrikada aýryldy we 688 elde ýaslan partlaýjy ýok edildi.



Degişli Habarlar