Prezident Erdogan Horwatiýada saparda bolýar

“Türkiýe bosgunlara gapylaryny ýapmady we mundan soň hem ýapmaz"

478964
Prezident Erdogan Horwatiýada saparda bolýar

 

Resmi sapar bilen Horwatiýa baran Prezident Erdogan paýtagt Zagrepdäki Prezident köşgünde Horwatiýanyň Prezidenti Kolinde Grabar Kitarowiç bilen bolan duşuşygyndan soň metbugata beýanat berdi.

Bosgunlar hakynda durup geçen Prezident Erdogan “Türkiýe bosgunlara gapylaryny ýapmady we mundan soň hem ýapmaz. Günbatarly ýurtlaryň meselä oňyn çemeleşmeklerini arzuw edýärin” diýdi.

Erdogan “ÝB-ne agza ýurtlaryň bosgunlar meselesinde Türkiýä uly goldaw bermeklerini isleýärin” diýip belledi.

Prezident Erdogan beýanatynda Bosniýa-Gersogowina barada hem durup geçdi.

R. T. Erdogan Türkiýe bilen Horwaniýanyň Bosniýa-Gersogowinanyň geljegi meselesinde jogapkärçilikli hereket edýändigini nygtady.

Prezident Erdoganyň saparynyň çäginde Türkiýäniň radio-telewideniýe guramasy TRT bilen Horwatiýanyň döwlet telewideniýesiniň arasynda hyzmatdaşlyk teswirnamasyna gol çekişildi.

 

 



Degişli Habarlar