Bursada partlama boldy

Partlamada ilkinji kesgitlemelere görä 7 adam ýaralandy

479666
Bursada partlama boldy

Türkiýäniň Bursa şäheriniň Ulujami metjidiniň golaýynda guralan kamikaze hüjüminde ilkinji kesgitlemelere görä diňe hüjümi guran zenan kamikaze hüjümçisi öldi.

Türkiýäniň wagty bilen sagat 17:25 töwereginde guralan hüjümde ilkinji kesgitlemelere görä 7 adam ýaralandy.

Partlamadan soň wakanyň bolan ýerine tiz kömek ulaglary iberildi, polisiýa gullugy wakanyň bolan ýerinde howpsyzlyk çärelerini gördi.



Degişli Habarlar