Nusaýbin etrabynda bir esger şehit boldy

Mardin welaýatynyň Nusaýbin etrabynda elde ýasalan partlaýjy maddanyň ýarylmagy netijesinde 1 esger şehit boldy, 6 esger ýaralandy

478118
Nusaýbin etrabynda bir esger şehit boldy

Partlama aýralykçy terror guramasy PKK agza terrorçylar tarapyndan ulanylan binalaryň birinde gözleg we saplaýyş işleri geçirilýän wagty boldy.

Terror guramasy PKK-a garşy Bahar saplaýyşy atly operasiýanyň çäginde ýurduň Gündogar we Günorta-gündogar sebitlerinde başladylan gözleg we saplaýyş işleri giň-gerimli dowam edýär.

Operasiýalarda Diýarbakyryň Lije etrabynda 6, Mardiniň Nusaýbin etrabynda 5, Şyrnakda 4 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi, 1 terrorçy bolsa howpsyzlyk güýçlerine boýun egdi.

Kars welaýatynyň Kagyzman etrabyndaky operasiýada 5 terrorçy öldürildi.

Şyrnak welaýatynyň Uludere etrabynyň Kureşin Tepe diýilen ýerindäki kyn şertlerdäki operasiýada bolsa harby toparlaryň golaýlaşyp gelýändigini gören PKK-ly terrorçylar gyssagly ýagdaýda gowaklaryny taşlap gitdiler.

Terrorçylar gaçmanka gowaklary partlaýjy maddalar bilen doldurypdyrlar.

Partlaýjy maddalary ýok eden howpsyzlyk güýçleri takmynan 100 metr uzynygynda içinde 4 otagy bolan gowagyň bardygyny anykladylar.

Gowagyň içinde geçirilen gözleg işlerinde dürli görnüşdäki ýaraglar, ok-däriler we harby enjamlar tapyldy.

Beýleki tarapdan ABŞ-nyň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Jon Kirbi ýurdunyň terror guramasy PKK bilen gönüden-göni arabaglanyşgynyň ýokdugyny aýtdy.

Metbugat geňeşçi Jon Kirbi: “PKK-nyň liderleri bilen gönüden-göni arabaglanşygymyz ýok. Olar daşary ýurtly terror guramalarydyr” diýdi.



Degişli Habarlar