Terrora garşy göreş arakesmesiz dowam edýär

Mardin we Şyrnak welaýatlarynda 8 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi, Hakkari we Bitlis welaýatlaryndaky operasiýalarda bolsa köp mukdarda ok-däri ele salyndy

477140
Terrora garşy göreş arakesmesiz dowam edýär

Baş ştab tarapyndan berilen beýanatda Mardin welaýatynyň Nusaýbin etrabynda 4, Şyrnakda hem 4 bolmak bilen jemi 8 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi habar berilýär.

Bundan başgada beýanatda Şyrnak we Elazyg welaýatlarynda 2 terrorçynyň guramadan gaçyp howpsyzlyk güýçlerine boýun egendigi mälim edilýär.

Geçirilen soňky operasiýalarda terror guramasynyň logistiki çeşmelerine agyr zarba uruldy.

Hakkari welaýatynda boş meýdanlaryň birine gömülen 3 müň 700 sany kalaşnikow tüpeňiň, Bitlisde elde ýasalan partlaýjy maddalarda ulanylýan materiallaryň hem ele geçirilendigi beýanatda aýdylýar.



Degişli Habarlar