Tunjelide howpsyzlyk gullugynyň 3 işgäri şehit boldy

Terror guramasyna garşy geçirilýän soňky operasiýalarda bolsa 12 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

476059
Tunjelide howpsyzlyk gullugynyň 3 işgäri şehit boldy

Tunjeli welaýatynda aýralykçy terror guramasy PKK-a agza terrorçylar tarapyndan ýoluň gyrasyna ýerleşdirilen partlaýjy maddanyň howpsyzlyk gullugynyň sowutly ulagynyň geçýän wagty partladylmagy netijesinde howpsyzlyk gullugynyň 3 işgäri şehit boldy.

Wakanyň bolan ýerine gury ýerden we howadan goşmaça harby güýç ugradyldy. Kobra kysymly dik uçarlar bolsa terrorçylaryň gaçjak ýerlerine hüjüm guraýar.

Sebitde giň-gerimli operasiýa başladyldy.

Beýleki tarapdan terror guramasyna garşy operasiýada Mardinde 4, Şyrnakda bolsa 8 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Şyrnakda 6 terrorçy howpsyzlyk güýçlerine boýun egdi.



Degişli Habarlar