Prezident Erdogan dünýäniň çar tarapyndan gelen çagalary kabul etdi

Erdogan duşuşykda “Siz çagalar, hasapsyz, ýalansyz söýginiň adysyňyz” diýdi

474999
Prezident Erdogan dünýäniň çar tarapyndan gelen çagalary kabul etdi

Türkiýe Radio-telewideniýe guramasy TRT-niň guramagyndaky 38-nji Halkara çagalar festiwalyna gatnaşmak üçin Türkiýä gelen onlarça ýurduň çagalary Prezident Erdogan tarapyndan Prezidentiň kompleksinde kabul edildi.

Prezident Erdogan duşuşykda sözlän sözünde dünýäde çagalara sowgat edilen ýeke-täk milli baýramçylyk bolan 23-nji apreliň buýsanjyny dürli ýurtlardan gelen çagalar bilen bilelikde başdan geçirmekden diýseň hoşaldygyny aýtdy.

“Çagasyz dünýäniň nähili gurak, nähili jansyz, nähili manysyz boljakdygyny göz öňüme getirmek hem islemeýärin. Siz çagalar, hasapsyz, ýalansyz söýginiň ady" diýen Erdogan, iň sap, iň arassa we iň dury söýginiň çagalaryň gözlerinde, ýüzünde we eýjejik ellerinde bardygyny aýtdy.

23-nji apreliň türk taryhynda eýeleýän ähmiýetine ünsi çeken Erdogan, 1920-nji ýylyň 23-nji aprelinde Ankarada jemlenşen Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň garaşsyzlyk söweşini alyp barandygyny, ony ýeňiş bilen netijelendirendigini gürrüň berdi.

Şeýle möhüm senäniň baýramçylyk hökmünde bütin dünýä çagalaryna sowgat edilendigini aýdan Prezident Erdogan, bir çaga kimin dogulyşyna we ösüp kemala gelişine şaýatlyk edilýän Respublikanyň şu ýyl 93-nji ýaşyndadygyny nygtady.



Degişli Habarlar