Şyrnakdaky operasiýada 2 esger şehit boldy

Türkiýäniň Ýaragly güýçleri Yragyň demirgazygyndaky terrorçylaryň ýerlerini bombalady

474333
Şyrnakdaky operasiýada 2 esger şehit boldy

Baş ştab tarapyndan berilen beýanatda Kandil sebitine 2 sany F-16 uçarlary bilen guralan howa hüjüminde, nyşanalaryň doly we dogry ýagdaýda ýok edilendigi bellenýär.

Şyrnak welaýatynda aýralykçy terror guramasy PKK-a garşy geçirilýän operasiýalarda terrorçylar tarapyndan goýulan bomba ýaryldy. Wakada 2 esger şehit boldy, 4 esger we 2 polis ýaralandy.

Gurama garşy Bitlis-Muş sebitinde geçirilýän operasiýalarada aprel aýyndan bäri 6 terrorçy ele salyndy 10 terrorçy öldürildi.

Operasiýanyň barşynda Bingöl, Muş we Bitlis welaýatlarynda iş alyp baran we ele salana 1 million lira baýrak goýulan Erzurum welaýatynyň jogapkäri bolan Sinan Dewrim ady bilen tanalýan Mehmet Haýme diri ýagdaýda ele salyndy.

Ele salana 1 million lira baýrak goýulan Hemgin Koçer ady bilen tanalýan Jemil Ateş bolsa öli ýadgaýda ele salyndy. Terror guramasynyň Bitlis sebitinde iş alyp baran topar bolsa dolulygyna ýok edildi.

Uçarmasyz howa ulaglary ulanylan operasiýalarda 22 gaçypatalga, köp mukdarda ýarag, ok-däri, partlaýjy maddalarda ulanylan materiallar we harby enjamlar ele salyndy.

Beýleki tarapdan Hakkari, Mardin, Şyrnak we Bingöl welaýatlarynda dowam etdirilýän operasiýalarda ýene-de 12 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Operasiýalaryň çäginde täsirsiz ýagdaý getirilen terrorçylaryň sany Nusaýbin etrabynda 275-e, Şyrnakda 219-a we Ýüksekowada 196-a ýetdi.



Degişli Habarlar