“Iýun aýynda wiza ýeňilligi başlamasa Türkiýe wadalaryny berjaý etmez”

Premýer ministr Ahmet Dawutogly ÝB-niň ylalaşyga laýyklykda iýun aýynda wiza ýeňilligini güýje girizmese Türkiýäniň hem wadalaryny berjaý etmejekdigini aýtdy

473508
“Iýun aýynda wiza ýeňilligi başlamasa Türkiýe wadalaryny berjaý etmez”

Dawutogly Fransiýanyň Strazburg şäherine gitmezinden ozal Esenboga adyndaky howa menzilinde metbugat ýygnagyny geçirdi.

Türkiýäniň Ýewropa Geneşiniň Ministrler geňeşiniň ýolbaşçylygyny ýerine ýetiren döwründe daşary işler ministri hökmünde Baş Ştabda birnäçe gezek çykyş edendigini ýatladan Dawutogly, şu günki çykyşynyň aýratyn uly manysynyň bardygyny, çünki Baş Ştabda türk dilinde çykyş eden ilkinji Premýer ministr bolma buýsanjyna eýe boljakdygyny aýtdy.

Dawutogly Türkiýäniň esaslandyryjy agzalaryndan biri bolan Ýewropa Geňşinde syýasy pozisiýasynyň güýçlenendigini we Ýewropadaky täsiriniň günsaýyn artýandygyny nygtady.

Premýer ministr Dawutogly, žurnalistlerden biriniň “Nemes gazetlerinden birinde ÝB-niň Türkiýä wiza beriljek wiza ýeňilligini goşuljak bir madda bilen çäklendirmek isleýändigi barada habar çap edildi. ÝB-niň beren sözleri bar. Eger şol sözlerde durulmasa Türkiýä nähili çemeleşer" diýen soragyna: “İýun aýynda wiza ýeňilliginiň başlajakdygyna doly ynanmaga dowam edýärin. Eger şeýle bolman halatynda Türkiýäniň elbetde wadalaryny dowam etdirmegine hiç kim garaşmasyn" diýip jogap berdi.

Premýer ministr A.Dawutogly Kremliň internet sahypasynda çap edilen Obama-Putin duşuşygynda Türkiýe-Siriýa serhediniň ýapylmagynyň gün tertibine gelendigi baradaky habar barada-da soraldy.

Türkiýe serhedi baradaky kararyň diňe Türkiýe tarapyndan beriljekdigini aýdan Dawutogly, bu meselede haýsydyr bir ýurduň ýapyk gapylaryň aňyrsynda garaýyş beýan etmeginiň hiç hili many aňlatmaýandygyny aýtdy.

Dawutogly: “Türkiýäniň kabul eden bosgunlaryny göz öňüne getirenimizde dünýäniň Türkiýä diňe sagbolsun aýtmaga haky bar, hasabat soramaga haklary ýok" diýdi.

Dawutogly Kilis şäherine gelip düşen raketa barasynda bolsa : “Baş ştabymyz şol bada degişli çäreleri gördi. Mundan soň hem serhet ýakasynda berk çäreleri görmäge dowam eder" diýdi.


Etiketkalar: #Wiza , #ÝB , #Starzburg , #Esenboga

Degişli Habarlar