“Habarnama Türkiýe üçin ýok hasabynda”

ÝP-niň kabul eden Türkiýe baradaky habarnamasy ýok hasabynda

471140
“Habarnama Türkiýe üçin ýok hasabynda”


ÝB ministri Wolkan Bozkyr ÝP-niň kabul eden Türkiýe baradaky habarnamasynyň özleri üçin ýok hasabyndadygyny aýtdy

Habarnamanyň ÝP-ne yzyna gaýtarylyp beriljekdigini nygtan ministr Bozkyr: “Türkiýäniň taryhyndaky haýsydyr bir pusatda utanar ýaly wakasy ýok. arhiwlerimiziň ählisi açyk. Bu mesele taryhçylaryň karar bermeli meselesi. Syýasatçylar taryh ýazmasyn. Taryhy wakalar barada syýasy kararlar bilen netije çykarylmaly däl" diýdi.

1915-nji ýyldaky wakalar baradaky frazalara orun berilýän ÝP-de sesleriň köplügi bilen kabul edilen habarnamada, terror guramasy hökmünde kabul edilen PKK ýarag taşlamak barada çagyryş edilýär.

Resmi Ankara bilen ÝB-niň arasynda gazanylan bosgunlar baradaky ylalaşyga orun berilýän habarnamada, Türkiýäniň bosgunlar boýunça alyp barýan işleri barada öwgüli sözler aýdylýar.

Habarnamada Türkiýäniň dünýäde köp sanly bosguny kabul eden ýurtdygy, uly ynsanperwer kömegini berýändigi nygtalyp, siriýaly bosgunlara iş rugsadynyň berilmegine kanagatlanma bildirilýär.

Türk raýatlaryna wiza ýeňilliginiň döredilmegi barasynda bolsa, iş meýilnamasynda kesgitlenen düzgünleriň güýje girmeginden soň türk raýatlarynyň wiza düzgüninden boşadylyp bilinjekdigi nygtalýar.



Degişli Habarlar