Siriýaly 450 müň çaga bilim berilmegi meýilleşdirilýär

“Siriýaly bosgun çagalaryň bilim almagy üçin Türkiýe elinden geleni edýär"

469338
Siriýaly 450 müň çaga bilim berilmegi meýilleşdirilýär

Milli bilim ministri Nabi Awjy Siriýaly 450 müň çaga bilim bermegi meýilleşdirýändiklerini aýtdy.

Belgiýanyň paýtagty Brýusselde geçirlen Ýewropa Geňeşiniň Bilim ministrleriniň 25-nji maslahatyna gatnaşan Nabi Awjy häzirki wagtda siriýaly 330 müň çaga bilim berýändiklerini we üstümizdäki ýylyň ahyryna çenli siriýaly jemi 450 müň çaga bilim berilmeginiň meýilleşdirilýändigini belledi.

Ministr Awjy “Siriýaly bosgun çagalaryň bilim almagy üçin Türkiýe elinden geleni edýär. Bu meselede beýleki ýurtlaryň hem bize goldaw bermeklerine garaşýarys" diýdi.



Degişli Habarlar