Erdogan Stambula gelen liderler bilen iki çäk duşuşyklar geçirýär

Erdogan Malaýziýanyň Premýer ministri Nejip Rezzak bilen duşuşdy

470336
Erdogan Stambula gelen liderler bilen iki çäk duşuşyklar geçirýär

Prezident R. T. Erdogan ertir başlajak Yslam Hyzmatdaşlyk guramasynyň 13-nji maslahatyna gatnaşmak üçin Stambula gelen liderler bilen iki çäk duşuşyklar geçirýär.

Prezident Erdogan ilki Malaýziýanyň Premýer ministri Nejip Rezzak bilen duşuşdy.

Mabeýn köşgünde bolan Erdogan-Rezzak duşuşygy 40 minut dowam etdi.

Prezident Erdogan nobaty bilen şu gün Gazagystanyň Prezidenti Nursoltan Nazarbaýew, Bosniýa-Gersogowinanyň Prezidium Geňeşiniň başlygy Bakir Izzetbegowiç, Pakistanyň Prezidenti Memnun Hüseýin we Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşar.

Prezident R. T. Erdogan şu gün agşam hem Yslam Hyzmatdaşlyk guramasynyň 13-nji maslahatyna gatnaşýan döwlet we hökümet baştutanlarynyň hormatyna beriljek agşam naharyna gatnaşar



Degişli Habarlar