“Eger şu işi alan bolsam, üstün çykmagyň hötdesindenem gelerin”

Prezident Erdoganyň aklawçysy ähli hukuk ýollaryna ýüz tutjakdyklaryny aýtdy

470376
“Eger şu işi alan bolsam, üstün çykmagyň hötdesindenem gelerin”


Kemsidiji goşgy okanlygy sebäpli nemes satiraçysy Ýan Bohmermany şikaýat eden Prezident Erdoganyň aklawçysy ähli hukuk ýollaryna ýüz tutjakdyklaryny aýtdy

Aklawçy Hubertus Fon Sprenger germaniýanyň “ZDF" tele ýaýlymynyn habarlar gepleşiginde: “Eger şu işi alan bolsam, üstün çykmagyň hötdesindenem gelerin" diýdi.

Soňky hukuk edarasyna çenli ýüz tutjakdyklaryny aýdan Sprenger: “Prezident degişli raýatyň kazyýet işine çekilmegini, jezalandyrylmagyny, şeýle-de şuňa meňzeş wakanyň gaýtalanmazlygyny isleýär" diýdi.

Bohmermannyň işleri bolsa ugruna däl. Satiraçy şu hepdeki gepleşigini goýbolsun edendigini habar berdi.

Bohmermann we produksion firmasy oňa sebäp hökmünde “mesele boýunça köp sanly habaryň çykmagyny we ünsleriň Bohmermana hem-de gepleşige gönükmegi sebäpli" artýan basyşy görkezdi.

Bohmerman barada gepleşikde okan goşgusy sebäpli nemes jenaýat kodeksiniň iki maddasy boýunça derňew işi dowam edýär.

Nemes Sosial demokrat partiýasy konstitutsiýanyň “daşary ýurt adamlaryny kemsitmek" baradaky 103-nji maddasynyň aýrylmagyny talap edýär.

Sosial demokrat partiýasynyň Mejlis toparynyň ýolbaşçysy Tomas Operman “köne we döwre bap gelmeýän şol maddanyň konstitutsiýadan aýrylmalydygyny aýtdy.

Etiketkalar: #aklawçylar , #kemsitme

Degişli Habarlar