Dawutogly AKP-nyň 5-nji ýerli dolanşyklar simpoziumyna gatnaşdy

Ahmet Dawutogly “hüjüm guranlar iň agyr ýagdaýda jezalandyrlar" diýip belledi

470290
Dawutogly AKP-nyň  5-nji ýerli dolanşyklar simpoziumyna gatnaşdy

Premýer ministr Ahmet Dawutogly Siriýa tarapyndan atylan roketalaryň Kilise düşmegi sebäpli harby düzgünleriň çäginde terror guramasy DEAŞ-a degişli ýerleriň bombalanandygyny aýtdy.

Premýer ministr Ahmet Dawutogly Adalat we ösüş partiýasynyň Ankarada geçirlen 5-nji ýerli dolanşyklar simpoziumyna gatnaşdy.

Premýer ministr Dawutogly simpoziumda eden çykyşynda watanyň goralyp saklanmagy we halkyň asudalygy üçin berk çäre görendiklerini nygtady.

Ahmet Dawutogly “hüjüm guranlar iň agyr ýagdaýda jezalandyrlar" diýip belledi.

Kilisiň şäher merkezinde boş meýdana şu gün irden Siriýa tarapyndan 4 roketa atyldy, wakada ölen ýada ýaralanan bolmady.

Wakadan soň Milli Goranmak ministri Ismet Ýylmaz, Baş ştabyň başlygy goşun generaly Hulusi Akar we Milli howpsyzlyk gullugynyň başlygy Hakan Fidan Kilise gitdi.

Düýn irden şähere 2 roketanyň düşmegi sebäpli 2 adam ýogalypdy.

Duşenbe güni Kilisiň Atatürk etrapçasyna 3 roketanyň düşmegi sebäpli bolsa 13 adam ýaralanypdy.



Degişli Habarlar