Erdogan “Wodafone Arenany” açdy

Prezident R.T.Erdogan Stambulda Beşiktaş Gimnastika Klubynyň gurluşygy tamamlanan “Wodafone Arena" stadionyny açdy

468434
Erdogan “Wodafone Arenany” açdy

Prezident R.T.Erdogan Stambulda Beşiktaş Gimnastika Klubynyň gurluşygy tamamlanan “Wodafone Arena" stadionyny açdy

Erdogan açylyş dabarasynda sözlän sözünde Türkiýäniň 13 ýylda ýer eýeçiligini eden 659 halkara sport çäreleri bilen özüni subut edendigini aýtdy.

Dürli şäherlerde 14 stadionyň gurluşygynyň dowam edýändigini aýdan Erdogan, 9 stadionyň tehniki taýarlyklarynyň hem ýokary depginde alynyp barylýandygyny, gysga möhletde olaryň hem gurluşygynyň başlanjakdygyny nygtady.

Prezident Erdogan türk sportynyň lisenziýaly türgenleriniň sanynyň 278 müňden 6 million 225 müňe, sport klublarynyň sanynyň bolsa 6 müňden 14 müňe ýetendigini mälim etdi.

Olimpiadalar üçin türgen taýarlamak we infrastruktura boýunça uly ösüşleriň edilendigini nygtan Erdogan, Erzurumdan Antaliýa, Trabzondan Mersine çenli köp sanly şäheriň sport çarelerine uly tejribä eýe bolandygyny aýtdy.



Degişli Habarlar