Mardinde 3 polis gullukçysy şehit boldy

Operasiýada 5 polis hem ýaralandy

466600
Mardinde 3 polis gullukçysy şehit boldy

Mardin welaýatynyň Nusaýbin etrtabynda terror guramasyna garşy guralan operasiýada 2 polis gullukçysy şehit boldy.

Aýralykçy terror guramasy PKK-a agza terrorçylaryň ot açmagy sebäpli agyr ýaralanan we hassahanada bejeriş astyna alynan polis gullukçysynyň şehit bolmagy bilen şehitleriň sany 3-e ýetdi.

Operasiýada 5 polis hem ýaralandy.

Bitlis welaýatynda bolsa aýralykçy terror guramasy PKK-a agza terrorçylar bilen çaknyşan 1 oba sakçysy şehit boldy.

Boluda terror guramasyna garşy guralan operasiýada bolan çaknyşykda PKK-a agza 2 terrorçy öli ýagdaýda ele salyndy.

Tunjeli welaýatynda hem howpsyzlyk güýçleri 1 terrorçyny öldürdi, 1 terrorçy bolsa agyr ýaralandy.

Beýleki tarapdan türk harby uçarlary Yragyň demirgazygyna howa hüjümini gurady.

Zap sebitinde terrorçylara degişli ýer asty gaçybatalgalar hatardan çykaryldy.



Degişli Habarlar