Erdogan: “Olar esgilerini kepen hökmünde ulanarlar”

Prezident R.T. Erdogan öz esgilerini Türkiýäniň baýdagynyň ýerine dikmegi pikir edýänleriň, olary diňe kepen hökmünde ulanyp biljekdiklerini nygtady

465899
Erdogan: “Olar esgilerini kepen hökmünde ulanarlar”

Erdogan milletiň bütewiligini, birligini nyşana alyp Türkiýäniň çüňke gabarys diýip pikir edýänleriň, üstüne basan topraklarynyň üstüne seredenlerinde, ol ýerde şol niýet bilen ýola çykan emma her gezeginde zyýana ugran özleri ýaly ençeme gapyllary görjekdiklerini belledi.

Prezident Erdogan Prezident kompleksinde guralan 23-nji Arçynlar maslahatynda çykyş etdi.

Türkiýäniň öz topraklarynyň çäginde we serhetleriniň golaýynda bolýan wakalaryň dünýäniň soňky ýyllarda başyndan geçiren iň uly terror howplardygyny aýdan Erdogan howpsyzlyk güýçleriniň terrorçylara agyr zarbalar salmagyny dowam etdirýändigini belledi.

Prezidentiň gün teribinde halkara meseleler hem bardy. Erdogan: “Siriýada adaty ýaraglar bilen ýogalanlaryň sany häzirki wagta çenli 500 müňe ýetdi. Ol zalym adamy Gagadaky Adalatyň öňüne çykarmagymyz gerek. Günäsi näme bolsa şony çeksin. Ol adam büti dünýäde gezip ýör. Elbetde giden ýeri diňe Russiýa, ol başga bir mesele. Emma wekilleri BMG-na çenli baryp bilýär, olar ol ýerlerde entege çenli diňlenýär" diýdi.

Eden çykyşynda Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasyndaky dowam edýän çaknyşyklar barada hem durup geçen Prezident Erdogan Azerbaýjan tarapyndan ädilen ädimler Ermenistan tarapyndan hem ädilmegini umy edýändigini nygtady.



Degişli Habarlar