Diýarbakyrda PKK-lylaryň hüjüminde bir ofiser şehit boldy

Terrorçylaryň tussag edilmegi üçin sebitde giň-gerimli operasiýa başladyldy

465700
Diýarbakyrda PKK-lylaryň hüjüminde bir ofiser şehit boldy

Diýarbakyryň Bismil etrabynda aýralykçy terror guramasy PKK-a agza terrorçylar tarapyndan guralan ýaragly hüjümde 1 ofiser şehit boldy.

Bismil etrabynyň Tepe etrapçasynda ýerleşýän öýünden işleýän ýeri bolan Tepe Žandarma merkezine gitmek üçin ulagyna münen ofisere PKK-ly terrorçylar tarapyndan uzyn nilli ýaraglar bilen od açyldy.

Ofiser wakanyň bolen ýerinde şehit boldy.

Terrorçylaryň tussag edilmegi üçin sebitde giň-gerimli operasiýa başladyldy.



Degişli Habarlar