"Türkiýe doganlyk ýurt Azerbaýjana goldaw berýär"

Çawuşogly Azerbaýjan-Ermenistan front liniýasyndaky çaknyşyklar hakyndaky soraglaryna jogap berdi

464425
"Türkiýe doganlyk ýurt Azerbaýjana goldaw berýär"

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Türkiýäniň doganlyk ýurt Azerbaýjana goldaw berýändigini aýtdy.

Ministr Çawuşogly Antalýanyň howa menzilinde žurnalistleriň Azerbaýjan-Ermenistan front liniýasyndaky çaknyşyklar hakyndaky soraglaryna jogap berdi.

Daşary işler ministri Çawuşogly “Mesele birnäçe wagt mundan ozal Azerbaýjanyň territorial bitewiligine laýyklykda çözülmelidi. Azerbaýjanyň 7 etraby Ermenistan tarapyndan basyp alyşlyk astynda saklanýar. BMG, Ýewropa Geňeşi, halkara kararlar bar we muňa garamazdan hiç kim sesini çykarmaýar" diýdi.

Garabag meselesine hem ünsi çeken Çawuşogly şeýle diýdi: “Minsk üçlüsi näme işe ýaraýar. Russiýa we ABŞ Fransiýa bilen meseläni çözmek isleýän bolsady bir hepdäniň içinde bu meseläni çözerdiler. Mesele çözülmändigi üçin şeýle çaknyşyklar bolýar. Biz asla çaknyşyk islemeýäris. Biz ähli kynçylyklaryň parahatçylyk arkaly çözülmegini isleýäris. Elbetde biz hemişe doganlyk ýurt Azerbaýjana goldaw berdik we goldaw bermäge dowam ederis"

Daşary işler ministri Çawuşogly Azerbaýjanyň meseläniň parahatçylykly ýagdaýda çözülmegini isleýändigini belledi.



Degişli Habarlar