Mardinde PKK-ly terrorçylar bombaly hüjüm gurady

Partlamada 1 adam ýogaldy

463075
Mardinde PKK-ly terrorçylar bombaly hüjüm gurady

Mardiniň Kyzyltepe etrabynda PKK-ly terrorçylar düýn agşam harby bölüme bomba ýüklenen ulag bilen hüjüm guradylar.

Harby bölümiň öňündäki barýer sebäpli howla girip bilmedik terrorçylar bombaly ulagy binanyň öňünde partlatdylar.

Partlamada 1 adam ýogaldy, 2-si esger, 3-si çaga jemi 11 adam ýaralandy.

Ýaralananlar Kyzyltepedäki we Mardindäki hassahanalarda bejergi astyna alyndy.

Howpsyzlyk güýçleri hüjümden soň sebitde giň-gerimli howsyzlyk çärelerini aldylar.



Degişli Habarlar