Türkiýe DAEŞ-e garşy göreşde her dürli çäre görýär

Operasiýalaryň barşynda Siriýadaky terror guramasynyň hataryna goşulmak isläp Türkiýä gelen köp daşary ýurtly tussag edilýär

461554
Türkiýe DAEŞ-e garşy göreşde her dürli çäre görýär

Gaziantep welaýatynda şu ýylyň ilkinji 3 aýynda terror guramasy DAEŞ-iň hataryna goşulmak islän 184 adam şäheriň merkezinde we Siriýa serhedinde tussag edildi.

33 aýry ýurtdan gelen 184 adamyň 85-i tussag edildi, 99-y bolsa yzyna ýurtlaryna ugradyldy.

Yzyna ugradylan ýurtlaryň ýolbaşçylaryna duýduryşlar berildi.

Gaziantepde geçen ýyl guramanyň hataryna goşulmak islän 541 adam tussag edilipdi.

48 aýry ýurtdan gelip DAEŞ-e goşulmak islän daşary ýurtlylar Siriýa geçmezlerinden ozal tussag edilipdi.



Degişli Habarlar