Şyrnakda 1 polis işgäri şehit boldy

Şyrnakda terror guramasy PKK-a garşy geçirilýän operasiýada 1 polis işgäri şehit boldy

461112
Şyrnakda 1 polis işgäri şehit boldy

Şäheriň merkezinde terror guramasy PKK-a agza terrorçylaryň tussag edilmegi, partlaýjy maddalar bilen duzaklanan çukurlaryň gömülmegi, barrikadalaryň aýrylmagy, ýaşaýjylaryň howpsyzlygynyň üpjün edilmegi maksady bilen yglan edilen köça çykmak gadagançylygyndan soň Türkiýäniň Ýaragly güýçleri we Içeri işler müdürligi tarapyndan 14-njy martda başladylan operasiýalar giň-gerimli dowam edýär.

Şyrnagyň Dijle etrapçasynda terrorçylar bilen howpsyzlyk güýçleriniň arasynda çaknyşyk ýüze çykdy.

Çaknyşykda kellesinden ýaralanan polis işgäri alynyp gidilen hassahanasynda ähli tagallalara garamazdan halas edilip bilinmedi we şehit boldy.

Beýleki tarapdan bolsa Batman welaýatynyň Gerjüş etrabynda terror guramasy PKK-a kömek bermek, gurama agza bolmak, guramanyň adyndan pul ýygnamak, ýarag we logistiki goldaw bermek bilen aýyplanýan 7 adam göz tussaglygyna alyndy.

Operasiýanyň barşynda köp mukdarda ýarag we ok-däri ele salyndy, şübhelenilýän 2 adamyň tussag edilmegi üçin bolsa gözleg işleri dowam etdirilýär.

Stambul şäheriniň Sultangazi etrabynda dik uçaryň goldaw bermeginde geçirilen operasiýada bolsa käbir şübhelenilýän adamlar göz tussaglygyna alyndy.



Degişli Habarlar